744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
07.05.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Fransiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda möhüm duşuşyklar we gepleşikler, şol sanda dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşikler geçirildi.

Prezident Emmanuel Makron belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýa gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Fransiýanyň Baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaş hökmünde gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Ýewropada Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, dostluk we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialogyň soňky ýyllarda netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň halkara işlerde öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň sebitdäki goňşy döwletler bilen gatnaşyklary milli bähbitleri nazara alyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýýandygyny belledi.

Söhbetdeşler häzirki wagtda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, bu mümkinçilikleri has işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Nebitgaz toplumy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, gurluşyk, suw serişdeleri, himiýa hem-de derman senagaty, oba hojalygy we beýlekiler türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassykladylar.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Fransiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda durnukly şäher ösüşi babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Jarnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň arasynda bilim we ýokary okuw mekdepleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy”; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Fransiýanyň Tebigy taryhynyň milli muzeýiniň arasynda arheologik ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «Thales Alenia Space France» kompaniýasynyň arasynda “TürkmenÄlem 52°E-2” milli telekommunikasiýa hemrasyny üpjün etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kayrros SAS» kompaniýasynyň (Fransiýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda agşamlyk naharynyň başyndaky iş duşuşygy görnüşinde dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona Pariže resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Milli Liderimiz Fransiýanyň Prezidenti bilen geçirilen ikiçäk duşuşygyň dowamynda iki tarapyň hem syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassyklandyklaryny aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Fransiýa hem-de onuň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bitaraplygyň mümkinçiligini, öňüni alyş diplomatiýasyny, işjeň parahatçylygy goraýyş işini peýdalanmak bütin dünýäde talap bildirilýän mowzuklar bolup durýar. Şundan ugur alyp, biz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda wekilçilikli halkara forumy geçirmegi öňe sürdük. Bu çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriler. Bu forum dünýä döwletleriniň dialog, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlydygyny beýan eder.

Häzirki halkara gatnaşyklaryň dünýä arhitekturasynda möhüm özgerişleriň şaýady bolýan döwrümizde bu aýratyn möhüm bolup durýar. Bu özgerişler umumy ykrar edilen dünýä institutlarynyň çäklerinde jebisleşmek tagallalaryny talap edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we durnukly ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň köptaraply usulynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bolmagynda galýandygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek bolup durýar. Şolaryň arasynda Fransiýa aýratyn orna eýedir. Biziň ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen, şol sanda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz geçen aýda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň möhüm ähmiýetini nygtady. Bu sammitde parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylyk ýaly meselelerde sebitara özara hereketlere bolan isleg beýan edildi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň we özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasynyň” düzgünlerini goldaýandygyny hem-de Ýewropanyň «Global Gateway» ýaly başlangyçlarynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistan häzirki zaman ulag üpjünçilik ulgamyna eýedir. Şoňa görä-de, Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, Hazarüsti ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi biz üçin uly gyzyklanma döredýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz suwdan peýdalanmagyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu meselä seretmekde halkara hukugyň berjaý edilmegi; ähli sebit döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagy; bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagy ýaly üç ýörelgeden ugur alýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň daşary ykdysady edaralarynyň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň yzygiderli geçirilýändigini, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň hereket edýändigini belledi. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyza Fransiýanyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» dostluk toparynyň ýolbaşçylarynyň birnäçe saparlary boldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtsak, biziň bu gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin uly mümkinçiliklerimiz bar. Biz eýýäm hormatly jenap Prezident bilen energetika, ulag, suw hojalygy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary ýaly esasy ugurlarda özara gatnaşyklarymyzy işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdyk diýip, Milli Liderimiz aýtdy we metan zyňyndylaryny azaltmagy, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, bank ulgamyny, hususy pudagy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Fransiýanyň iri halkara ekologiýa başlangyçlaryny we onuň syýahatçylyk ulgamyndaky öňdebaryjy ornuny hasaba almak bilen, bu ulgamlarda bilelikdäki işleri ýola goýmagy maksadalaýyk hasap edýärin. Şu we beýleki ugurlara Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň we Energetika meselesi boýunça iş toparynyň çäklerinde seredilip bilner diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şu ýyl bu toparlaryň nobatdaky mejlislerini geçirmegi teklip etdi.

Şu günki geçiren duşuşyklarymyň we biziň wekiliýet agzalarymyz bilen Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň barşynda iş ýüzündäki ylalaşyklara çykmak üçin hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna seredildi. Biz durmuş ulgamyndaky türkmen-fransuz gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýäris. Frankofoniýa günleri, fransuz kinolarynyň görkezilişleri, sergiler, iki ýurduň sungat ussatlarynyň konsertleri yzygiderli geçirilýär. Fransuz diliniň öwredilişi üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde we umumybilim berýän mekdeplerinde fransuz dili öwredilýär. Aşgabatdaky «Fransuz institutynyň» netijeli işini aýratyn bellemek gerek. Bularyň ählisi türkmen jemgyýetinde fransuz medeniýetine hem-de diline uly gyzyklanma bildirilýändiginiň güwäsidir. Geçen ýyl paýtagtymyzda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Onore de Balzagyň heýkeli oturdyldy.

Arheologiýa ulgamynda 30 ýyldan gowrak wagty öz içine alýan hyzmatdaşlygy aýratyn nygtamak isleýärin. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň çäklerinde üstünlikli gazuw-agtaryş işlerini geçirýän «MAFTUR» türkmen-fransuz arheologik topary döredildi. 2024-nji ýylyň noýabrynda muzeýlerimiziň birinde Türkmen-fransuz arheologik topary tarapyndan bäş müň ýyldan gowrak taryhy bolan gadymy Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärliginde tapylan arheologik tapyndylaryň sergisiniň açylyşy geçirildi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we 2027-2028-nji ýyllarda Parižde türkmen topragyndan tapylan, bürünç asyryna degişli arheologik tapyndylaryň sergisini guramak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Milli Liderimiz şeýle serginiň eýýäm Germaniýada geçirilendigini hem-de onuň 2025-2026-njy ýyllarda Rimde guralmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň täze gyzykly ugurlarynyň biri bolan speleologiýa barada aýdyp, fransuz hünärmenleriniň biodürlüligi öwrenmek we ylmy-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, Köýtendagyň dag gerişlerindäki seýrek duş gelýän gowaklara eýýäm iki gezek üstünlikli ekspedisiýany amala aşyrandyklaryny belledi hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de şu we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa bilen Fransiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly anyk teklipleri-de beýan etdi. Munuň özi gatnaşyklaryň täze ugurlaryny açar.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emmanuel Makrona we ähli fransuz dostlara mähirli garşylandyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň köpugurly, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron çuň manyly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň möhüm ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Fransiýa Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Milli Liderimiz Parižiň “Orly” Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi