744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
08.05.2025
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) halkara bilermenlerinden düzülen baha beriş missiýasynyň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek gepleşikleriň esasy mowzugy boldy.

Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-Habitatyň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli işjeňleşendigi nygtaldy. Hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda milli şähergurluşyk syýasatynyň ösmegine, şol sanda şäher we oba ilatly ýerlerde kadalaşdyrmaga, meýilleşdirmäge, taslamalaşdyrmaga we daşky gurşawy goramaga itergi berýär.

Taraplar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde ýurduň borçnamalaryna kybapdaş gelýän we DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýän milli maksatnamalary kabul etmegiň we durmuşa geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny we ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan meýillerini tassykladylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi