744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
30.08.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29 awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli parlamentiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu geçen döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 15-si kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň sekiz aýynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11 göterime, söwdada 9,8 göterime, oba hojalygynda 4,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Onuň bilen birlikde wise-premýer welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa şu ýylyň sentýabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň Tertibi barada aýtdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralarynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýörişiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Ýokarda agzalan sessiýa öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu möhüm resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine ilkinji gezek “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly bent girizilip, onuň çäklerinde “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy”, şeýle hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde “Halkara araçylyk güni” atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär.

Dünýä halklarynyň arasynda özara ynamy berkitmek maksady bilen, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň we Siwilizasiýalar bileleşiginiň howandarlygynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistan hukuk ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda halkara hukugyň orny we ähmiýeti barada möhüm teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň biri hem 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz geljekki ýyllarda BMG-niň düzüminiň degişli geňeşlerinde agza hökmünde işjeň çykyş eder, şeýle hem 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler, diýip Raşid Meredow belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyza ýüzlenmek bilen, bu täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny haýyş etdi. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti