744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
30.08.2025
Aşgabatda 1-njy sentýabrda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy awgustda Kabinet Ministrler mejlisiniň çäginde 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini aýtdy. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açylar.

Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyza ýüzlenmek bilen, bu täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny haýyş etdi.

“Ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny geljekde hem yzygiderli ösdüreris we kämilleşdireris”, - diýip döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti