744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
17.09.2025
Türkmenistan we Russiýa halkara maglumat howpsuzlygy boýunça Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirdiler

Moskwa şäherinde 16-njy sentýabrda halkara maglumat howpsuzlygy mowzugy boýunça türkmen-rus Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirildi.

Duşuşyk şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny öz içine aldy. Ugurdaş global hem-de sebit meýdançalarynda ýurtlaryň çemeleşmelerini utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Emeli aň meselesine aýratyn üns berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi