744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
18.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylary gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň gatnaşyjylaryny tüýs ýürekden gutlady.

“Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Mizemez türkmen döwletiniň berkararlygynyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk döwrüniň içinde gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine ynanýaryn.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydyr. Şu ýörelgeden ugur alyp, biz ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär”, - diýip Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

“Biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiz, üstünlikli durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli başlangyçlarymyz, düýpli özgertmelerimiz beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilendir. Biz eziz Diýarymyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly ösüşini üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de möhüm işleri durmuşa geçireris. Berkarar Watanymyzy dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek baradaky syýasatymyzy doly derejede amala aşyrarys”, - diýip ýurdyň baştutany belläp geçdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti