744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
20.09.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş etdi.

“Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek babatda öňde duran wezipeleri kesgitläris. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, möhüm ähmiýetli resminamalary kabul ederis.

Biz ykdysadyýetimiziň ösüşini maksatnamalaýyn esasda alyp barmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Täze tehnologiýalar we innowasiýalar esasynda häzirki zaman ykdysadyýetini döretmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlyk esaslaryny has-da berkidýäris. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 40 milliard 72 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär. Diýarymyzda täze şäherçeleriň we obalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ilatyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy üçin berilýän ýeňillikli we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar”, - diýip ýurdyň baştutany aýtdy.

Prezidentimiz nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýäris, diýip bellap geçdi. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi.

“Ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri hem söwda toplumydyr. «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlarymyza dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberi we ugurlary yzygiderli artdyrylýar. Guralýan sergiler, maslahatlar bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Ulag we aragatnaşyk toplumynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, halkara üstaşyr ulag mümkinçiligimizi doly ulanmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar”, - diýip Prezidentimiz belledi.

“Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden ösüşlerimiz we täze maksatlarymyz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Mähriban halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, geljek ýyl üçin bellenen sepgitlere hem abraý bilen ýetiljekdigine berk ynanýaryn. Watanymyzyň, eziz halkymyzyň mertebesini, abraýyny has-da belende galdyrmak biziň baş maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, ähli tagallalarymyzy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk hem gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmelidiris”, - diýip döwlet baştutany çykyşynyň dowamynda aýtdy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti