Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy senýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş etdi.
“Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň biri-biri bilen berk baglanyşykly milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň mizemezliginiň, jebisligimiziň, ähli rowaçlyklarymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Garaşsyzlygymyzy berkitmek, hemişelik Bitaraplygymyzy Ýer ýüzünde dabaralandyrmak boýunça geçen ýolumyza nazar aýlanymyzda, her bir üstünligimiziň aňyrsynda Watana söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň ýatandygyny unutmaly däldiris.
Bu taryhy işler şu günümiziň hem-de geljegimiziň beýikdigini ykrar edýär. Indiki wezipämiz mundan beýläk-de ýurdumyzy gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni bolsa gazanylan üstünlikleri berkitmek, wagyz etmek, adamlary täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly berjaý edip bileris. Ine, hut şu işlerde hem Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir”, - diýip Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.
“Biziň alyp barýan işlerimiziň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny goldamaga, döwletimizde geçirilýän özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ýokary maýa goýum işjeňligini saklap galmaga, eksport kuwwatyny güýçlendirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ykdysady mümkinçiliklerimiz ep-esli artdy. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly ýagdaýda saklanyp galýar. Ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanly ulgamy ornaşdyrmak, şäher we oba ilatyny häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi goldamak, milli önüm öndürijileriň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin halkara maliýe guramalary bilen işler dowam etdirilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlary, orta mekdepler hem-de çagalar baglary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Birinji synpa kabul edilen okuwçylarymyza hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen milli önümler bolan «Bilimli» kompýuterleri sowgat berildi. Şu ýerde Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan zähmet üstünliklerinde, halkara bilim we sport bäsleşiklerinde eýeleýän belent sepgitlerinde mähriban ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny aýratyn bellemek isleýärin”, - diýip türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
“Nesip bolsa, geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawyna we ynamyna daýanyp, Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam ederis. Agzybir we yhlasly zähmetimiz bilen ata Watanymyzy gülledip ösdürip, şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak, geljek nesillerimize nusga boljak işleri durmuşa geçireris. Hormatly Prezidentimiziň berk belleýşi ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr’, - diýip, Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara we halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.