744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
14.10.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň wise-premýerini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 13-nji oktýabrda ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi.

Myhman pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmana türkmen kärdeşleri bilen gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw edip, duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet baştutanymyzyň belleýşi ýaly, söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary aýratyn orun eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti