744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
27.10.2025
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri dabara gatnaşyjylary hem-de hormatly Prezidentimizi mübärekläp, şu gün müňýyllyklaryň dowamynda Rimiň taryhynyň emele gelen ýeri — Kapitoliý baýrynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylýandygyny aýtdy we 2025-nji ýylyň oktýabry — 2026-njy ýylyň aprel aýy aralygynda geçiriljek bu giň möçberli çäräniň Merkezi Aziýanyň medeni mirasyny Ýewropa siwilizasiýasynyň gözbaşy bilen birleşdirýän özboluşly köpri bolup durýandygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan ajaýyp gadymy eserleriň nusgalarynyň bu sergide uly gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda halkara hyzmatdaşlyk netijeli häsiýetde ösdürilýär. Türkmen-italýan dostlukly hyzmatdaşlygynda medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Medeni ulgamyň hyzmatdaşlygynda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesip, dabaraly ýagdaýda sergini açdy.

Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. 30 ýyldan gowrak wagt bäri Italiýanyň arheologlary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirip gelýärler. Bu netijeli hyzmatdaşlyk gymmatly taryhy tapyndylary ýüze çykarmaga, öwrenmäge we olary halk köpçüligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti