744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
25.12.2025
Türkmen işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen geleşikleri baglaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 24-nji dekabrda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn aldylar.

Daşarky bazarda bolsa Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi we suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň dowamynda umumy bahasy 5 272 200,00 manada we 970 650,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.