744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
25.12.2025
Awazada täze ýylda hem ýokary derejeli halkara forumy geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji dekabrda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda 2026-njy ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy hem-de olaryň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy.

Bu ýerde degişli ýolbaşçylar Gahryman Arkadagymyza 2026-njy ýylda Hazaryň türkmen kenarynda geçiriljek halkara forumyň binasynyň ýerleşýän ýeriniň meýilnamasy, onuň bölümleriniň, mejlisler zalynyň teklip edilýän bezeg işleriniň, şeýle hem binanyň yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri barada giňişleýin maglumatlary berdiler we taslamalary görkezdiler.

Bellenilişi ýaly, taýýarlyk we bezeg işleri ýörite meýilnama laýyklykda alnyp barlar. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesi hem-de täzeçil tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Bu ýerde meýilleşdirilen işler ýurduň telekeçi gurluşykçylaryna ynanyldy.

Milli Liderimiz meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz binanyň enjamlaşdyrylyşy bilen bir hatarda, onuň bezeginiň, goýuljak mebelleriň reňkleriniň sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini, meýilleşdirilen işleriň doly derejede ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini, taýýarlyk işleriniň ählisiniň hormatly Prezidentimiziň yzygiderli gözgeçiliginde saklanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak halkara forumyň çäklerinde toplumyň halkara derejedäki sergiler geçiriljek künjeginde alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy we degişli ýolbaşçylara öz gymmatly maslahatlaryny berdi.