Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda hereket edýän «Döwletabatgazçykaryş» müdürligi Türkmenistanyň gaz pudagynyň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde ornuny tassyklady. 2025-nji ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça kärhana tebigy gaz we kondensat çykarylyşynda durnukly ösüş görkezdi.
Ýokary görkezijiler önümçiligiň çuňňur döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde gazanyldy. Ýatakda çig maly taýýarlamagyň köp basgançakly ulgamy ornaşdyryldy: guýulardaky ilkinji arassalamadan başlap, baş desgalarda gazy çuňňur gaýtadan işlemek we guratmak işlerine çenli amala aşyrylýar. Bu bolsa önümiň esasy gaz geçirijilere iberilmeginiň öňüsyrasynda dünýä ülňülerine laýyk gelmegini kepillendirýär.
Tehniki parkyň täzelenmegi üstünligiň esasy şerti boldy. Ýük göterijiligi 180 tonna bolan örän güýçli buraw desgasynyň ulanylmagy «Türkmengaz» DK-nyň hünärmenlerine çuňlugy 5 müň metre çenli bolan 30-a golaý guýuda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilik berdi. Tehniki näsazlyklaryň netijeli aradan garylmagy we guýularyň düýbüniň arassalanmagy öň öndürijiligi peselen guýulary gaýtadan ulanmaga bermäge ýol açdy.
«Döwletabatgazçykaryş» toparynyň zähmet üstünlikleri ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek we energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak boýunça döwlet strategiýasynyň durnukly ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.
Çeşme: Halkara Habarlar Merkezi