25-nji dekabrda Türkmenistanda geçirilen birža söwdalarynda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden umumy nebit koksyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem türkmen işewürleri Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn aldylar.
Daşarky bazarda owganystanly işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri ýerli işewürlerden pagta süýümini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 27 092 580,00 manada we 1 906 450,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.