744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
26.12.2025
Aşgabatda ýaşlaryň Ýewraziýa integrasiýasyndaky we sanly üýtgeşmedäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda «Ýewraziýa integrasiýasynyň geljegi – täze sanly dünýäde ýaşlaryň orny» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi tarapyndan guralan bu çärä diplomatlar, alymlar, hünärmenler we ýaşlar birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyk Russiýanyň halk diplomatiýasynyň 100 ýyllygyna bagyşlandy. Maslahata gatnaşyjylar şu ýylyň ähmiýetini bellediler: halk diplomatiýasynyň ýüz ýyllygy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat geldi.

Russiýanyň ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewa bu seneleriň ýurtlaryň agzybirlige we durnuklylyga bolan umumy ymtylmasyny aýdyňlaşdyrýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, ynsanperwer we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi iki döwletiň ösüşi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Duşuşygyň barşynda sanlylaşdyrma meselelerine aýratyn üns berildi: hünärmenler ýaş nesli täze tehnologiýalary işjeň özleşdirmäge, şol bir wagtda üýtgeýän dünýäde durnukly ösüşiň girewi bolan ruhy gymmatlyklary ýatdan çykarmazlyga çagyrdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi