744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
27.12.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 26-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdylar.

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda hemişelik galar. Geçip barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeler durmuşa geçirildi. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy has-da rowaçlandy. Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy halkara derejede giňden bellenildi.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 44, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 24-si geçirildi. Bu mejlislerde we maslahatlarda döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyna degişli möhüm soraglara seredildi.

«Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Döwletimiziň ösüşini üpjün edýän täze kanunlar kabul edildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we mejlise gatnaşýan ýolbaşçylara täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibini ýola goýmagy, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmegi, baýramçylyk günlerinde raýatlarymyzyň gowy dynç almagy üçin medeni çykyşlary guramagy, şäherlerde, obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli ýerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.