Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde 26-njy dekabrda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa Watanymyzyň geljegi bolan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemmetaraplaýyn aladalary bilen gurşalan bagtyýar çagalar gatnaşdylar. Dabara Täze ýylyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň şadyýan çagyryşlary bilen başlandy.
Dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Rejep Bazarow hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan ähli çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady we olara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşan çagalaryň hemmesine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy ýakymly pursatlara beslendi. Bagtyýar çagalar sowgatlary uly buýsanç we çuňňur hoşallyk bilen kabul etdiler. Munuň özi ýurdumyzda çagalar baradaky aladanyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda edilýän tagallalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Baýramçylyk mynasybetli sahawatlylyk bilen sowgatlaryň paýlanylmagy asylly işleriň barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.