744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
29.12.2025
BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki Kararnama biragyzdan kabul edildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki sany Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy we bu başlangyçlary goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Has takygy, BMG-niň Baş Assambleýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirjekdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny, onuň döwletliligini we hukuk esaslaryny berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ulgamlaýyn esasda pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi.