744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.01.2026
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyza şäheriň ikinji tapgyrynyň möhüm desgasy bolan lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy maksat edinýän duşuşyga ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Plastics Machinery» we Koreýa Respublikasynyň «EM Korea Co., Ltd.», «Korea Meditech Co. Ltd.» ýaly kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, önümçilik kärhanalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşýan “Garagum” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky we Koreýa Respublikasyndaky ilçileri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ulanylýan serişdeleriň hilini we berkligini aýratyn gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň desgalarynda önümçiligi meýilleşdirilýän dürli görnüşli harytlary öndürmekde ulanylýan ýerli çig mallaryň ISO standartlaryna alnan laýyklyk güwänamalary we olaryň hil derejesi barada giňişleýin maglumat berdi.

Milli Liderimiz degişli komitetiň bu ugurdaky işleriň göwnejaý alnyp barylmagyny hemişe gözegçilikde saklamalydygyny, her bir öndürilýän we öndüriljek önümiň hil barlagyny geçmelidigini, döwrebap enjamlaryň işleýiş ukybyny seljermelidigini aýtdy.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherdäki umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berdi.

Milli Liderimiz bu çözgüdi oňlap, ýöriteleşdirilen mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.