Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 21-nji noýabrda geçirilen söwdalarda jemi 4 million 90 müň 700 ABŞ dollary möçberinde 5 geleşik baglaşyldy. Eksport geleşikleriniň çäklerinde Owganystanyň işewür toparlary “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümleri tarapyndan döndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem ýerli telekeçilerden arassalanan (rafinirlenen) birinji hilli pagta ýagyny satyn aldylar.
Şol bir wagtyň özünde, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri hem türkmen öndürijileriniň önümlerine gyzyklanma bildirip, ýerli telekeçilerden nah ýüplügini we birinji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça eksport geleşiklerini baglaşdylar.
Geçirilen söwdalaryň netijeleri Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň yzygiderli giňeýändigini hem-de milli senagat we oba hojalyk önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda durnukly islegden peýdalanýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.