744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.01.2026
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

12-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadzäniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýokary baha berip, geçen ýylyň jemlerini jemlediler we şu ýyl üçin öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalarynda bellenilen wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen döwletiniň bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek boýunça meýillerini tassykladylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagynda sebitleýin ölçegde maksatnamalaýyn-taslama işlerini öňe sürmek meselelerine hem seredilip geçildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek barada pikir alyşmalara aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda yglan edipdi. Ýeri gelende bellesek, şol başlangyç halkara foruma gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy we forumyň jemleri boýunça kabul edilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradylan Aşgabat Jarnamasynda-da öz beýanyny tapdy.