Şu günler Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, dürli edara-kärhanalarda dürli kärlerde işleýän adamlaryň, talyp ýaşlaryň arasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli şu günler dürli çäreleriň, şol sanda wagyz-nesihat duşuşyklarynyň, aýdym-sazly dabaraly maslahatlaryň geçirilmegi dowam edýär. Golaýda şeýle çäreleriň ýene-de biri “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem geçirildi.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen wagyz-nesihat çäresi ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny artdyrmak, olaryň arasynda halkymyzyň milli döwletlilik ýörelgelerini, däp-dessurlaryny giňden wagyz etmek hem çäräniň esasy maksatlarynyň biri boldy.
Wagyz-nesihat çäresine orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.