Türkmenistanyň Döwlet haryt-çgi mal biržasynyň çarşenbe güni, 14-nji ýanwarda geçirilen birža söwdalarynda “Türkmennebit” döwlet konserninň önümi satyn alyndy.
Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 1 209 000,00 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.