744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.01.2026
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Hökümet mejlisinde ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýurdumyzyň hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler­ gözegçilik e­dýän ulgamlarynda aln­yp barylýan işler, ykdysadyýetiň degişli pu­daklaryny mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berd­imuhamedow hasabatlar­y diňläp, ýurdumyzyň dürl­i ulgamlarynda, öňde boljak ­çäreler, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda barad­a d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.