Täze taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri hasaplanylýan nebitgaz senagatyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilip, uglewodorod serişdelerini gazyp almakda, ýerasty baýlyklary senagat taýdan özleşdirmekde we rejeli peýdalanmakda, diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtly sarp edijilere ugratmakda netijeli işler alnyp barylýar. Pudakda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli özgertmeler işçi-hünärmenleri zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň agzybir işgärleriniň gazanan täze zähmet üstünligi hem munuň aýdyň mysaly boldy.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýän, geologik taýdan Merkezi Türkmenistan gazly sebitiň Merkezi Garagum gazly ülkesiniň Atabaý meýdançasynyň nebitgazlylyk meýdanyny we hasaplama görkezijilerini anyklamak maksady bilen, «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan taslama çuňlugy 1200 metr bolan Atabaý-1 belgili baha beriş guýusy burawlanyp, ýokary netije gazanyldy. Gazly guýy özleşdirilip, geologik gelip çykyşy boýunça aşaky we ýokarky mel döwrüne degişli gatlaklaryň 9-synda burawlaýyş gözleg-synag işleri geçirildi. Netijede, gatlaklaryň 8 sanysynyň gazlydygy anyklanyldy.
Ekspedisiýanyň işgärleri tarapyndan Atabaý meýdançasynyň 1-nji belgili baha beriş guýusynda 1136 — 1134 metr aralykda gözleg-agtaryş işleri geçirilende, bir gije-gündiziň dowamynda çykymy 284 müň metr kuba barabar tebigy gazy bermäge mümkinçiligi bolan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Häzirki döwürde bu guýudan alnan tebigy taýdan arassa kükürtsiz mawy ýangyjy sarp edijilere ýetirmek maksady bilen, ady agzalan guýyny önümçilige girizmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligine tabşyrmak meýilleşdirilýär.