Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna 28-nji ýanwarda Arkadag şäherinde dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara, tanslara goşuldylar.
«Taýçanak» binasyndan badalga alan atlylar “akylly” şäheriň Ahalteke atlary şaýolunyň ugry bilen «Akhan» binasyna tarap, soňra bolsa Akhan we Aba Annaýew şaýollaryndan geçip, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança tarap ýola düşdüler. Olary eli baýdakly talyplar, şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary şatlyk-şowhunly garşyladylar we mübäreklediler.
Atly ýörişe gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, şatlyk-şowhun has-da belende göterildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşyladylar hem-de gazanan nobatdaky üstünligi bilen gutladylar.
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýygnananlar döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar sirkiň eýwanynda guralan sergini synladylar.
«Galkynyş» toparynyň agzalary we dabara gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň tomaşaçylar zalyna bardylar. Bu ýerde esasy dabaralar başlandy. Dabaranyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy. Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gowşurylan halkara şahadatnamalar bolsa ýörite bellenilen ýerde ýerleşdirildi.
Çykyş edenler ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen türkmen halkynyň Milli Liderini we hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar.
Dabaranyň dowamynda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynyň çeperçilik direktory we wise-prezidenti Urs Pilz sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl halkara festiwalda örän gowy çykyş edip, sirk sungatynyň ösmegine ajaýyp goşant goşandygyny, şol çykyşyň taryhy waka bolandygyny nygtap, toparyň mynasyp bolan halkara şahadatnamalary bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de toparyň agzalaryna geljekde-de täze üstünlikleri arzuw etdi.
Çäre aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyklylykda dowam etdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. «Sag bol Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi çäräniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
Dabaralar tamamlanandan soňra, Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi.