744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.01.2026
«Balkan» kän müdirliginde ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän «Balkan» kän müdirliginiň işçileridir hünärmenleri ýurdumyzyň çar künjeginde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmekde işjeňlik görkezýärler. Geçen ýylyň dowamynda bu ýerde magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 2 million 551 müň 422 kub metrden gowragy öndürilip, meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe çagyl-çäge garyndysyny, ýuwlan çägäni, daş owuntygyny öndürmek boýunça ýetilen sepgit hem bellenen meýilnamadan ep-esli artyk boldy. Öndürilen gurluşyk serişdeleriniň pul hasabyndaky möçberi 44 million 683 müň manada deňdir.

Häzirki zamanyň kämil önümçilik tehnikalary bilen üpjün edilen kärhanada we onuň «Daşarbat», «Türkmenbaşy», «Baleýşem» ýaly önümçilik meýdançalarynda öndürilýän önümler diňe bir Balkan welaýatyna däl, Diýarymyzyň ähli sebitlerine hem polat ýollar arkaly yzygiderli ugradylýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda satyn alynýan täze ýük ýükleýji we daşaýjy awtoulaglardyr tehnikalar bilen müdirligiň maddy-tehniki binýadynyň üsti ýetirilip durulýar. Geçen ýylda onuň garamagyna şeýle tehnikalaryň 40-a golaýynyň gelip gowuşmagy-da munuň aýdyň mysalydyr.