«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT-2026) forumy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iri çäreleriniň biri bolar. Onda ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistanda nebitgaz ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, mümkinçilikler, geljekde öňde durýan wezipeler we maksatlar giňden şöhlelendiriler. Şeýle-de ol degişli halkara düzümler, daşary ýurtlar bilen bu ugurda özara hyzmatdaşlygy berkitmekde we ösdürmekde amatly meýdança bolup hyzmat eder.
Her ýylyň ahyrky aýlary ýurdumyzda hünär baýramlaryna beslenýär. Bu ýyl hem asylly däbe eýerilip, hünär baýramlary mynasybetli 21 — 23-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026», 3 — 5-nji noýabrda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi», 24 — 26-njy noýabrda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026», şeýle hem «Türkmentel — 2026» atly halkara sergiler we maslahatlar geçiriler. Şeýle-de 10 — 12-nji oktýabrda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly forum guralar. Oňa nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdebi hem işjeň gatnaşar.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda dürli ugurlara degişli täze sergileriň geçirilmegi ýola goýuldy. Olaryň her biriniň anyk ugurlara degişli bolmagy gönüden-göni jemgyýetiň hem-de döwrüň zerurlyklary bilen baglydyr. Şeýle hem olar ykdysadyýetiň aýratyn ähmiýetli pudaklaryny has-da ösdürmek maksadyndan ugur alnyp guralýar. 14 — 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçiriljek «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty munuň aýdyň mysalydyr. Ol ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek, dünýäniň dürli künjeginden jahankeşdeleri çekmek babatda häzirki wagtda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň hatarynda möhüm ähmiýete eýe.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda geçirilýän sergilerde diňe bir Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri däl-de, eýsem, ýeneki ösüşleriň badalgasyna öwrüljek başlangyçlarymyz, täze taslamalarymyz hem giňden beýanyny tapýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek sergi-ýarmarkalar, maslahatlar köpugurly ösüşimizi has-da ilerletmekde täze gözýetimleri açar.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy toýlanyljak şanly ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda jemi 20-ä golaý sergilerdir ýarmarkalary, maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.