744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.01.2026
Dünýäde nebite bolan islegiň 2027-nji ýylda has artjakdygy çaklanylýar

2027-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň has artjakdygy barada çaklamalar bar. Has takygy, Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) 2027-nji ýylda dünýäde nebite islegiň bir gije-gündizde 107,86 million barrele deň boljakdygyny çaklaýar, bu 2026-njy ýylyň görkezijisinden 1,3 million barrel köpdür. Bu barada agzalan guramanyň habarnamasynda aýdylýar.

Üstümizdäki ýylda «gara altyna» isleg 106,52 mln barrele deň bolar. Şunda ösüşiň agramly bölegi Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna girmeýän ýurtlara degişli bolar.

«2027-nji ýylda dünýäde 3,2 göterimi düzjek has çalt ykdysady ösüş hasaba alnar diýlip garaşylýar. Şeýle oňyn çaklama dünýä söwdasynyň kadalaşmagy, hökümetleriň fiskal goldaw çäreleri we iri ykdysadyýetlerde karz-pul syýasatynyň dowamly düzedilmegi bilen düşündirilýär» diýlip, OPEK guramasynyň hasabatynda bellenilýär.