744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
31.01.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 30-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Hökümet mejlisinde ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilýän kanunlaryň uly ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler­ gözegçilik e­dýän ulgamlarynda aln­yp barylýan işler, ykdysadyýetiň degişli pu­daklaryny mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlar­y diňläp, ýurdumyzyň dürl­i ulgamlarynda öňde boljak çäreler, alnyp barylýan we meýilleşdirilýän işler, hödürlenen teklipler, halkara gatnaşyklar, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.