Türkmenistanda “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu barada 30-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Batyr Amanowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.