«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 30-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi.