«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy mynasybetli 31-nji ýanwarda paýtagtymyz Aşgabatda hem dabaraly çäreler geçirildi. Hususan-da, şäherde baýramçylyk ýörişi we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: türkmen bedewiniň dünýä dolýan şöhraty» atly dabaraly çäre guraldy.
Ýörişe «Galkynyş» toparynyň agzalary gatnaşyp, olar şäheriň ýaşaýjylary, aýratyn-da, ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Ilki Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi binasynda ýaýbaňlandyrylan dabarada toparyň agzalary merkeziň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyryldy. Merkeziň öňündäki meýdançada bolsa medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Soňra toparyň agzalary Türkmenistanyň Döwlet sirkine tarap ýola düşdüler. Olar sirkiň öňündäki meýdançada mübäreklenildi, şeýle-de ussatlaryň ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrjak ýeňişleriniň dowamat-dowam bolmagy arzuw edildi.
Myhmanlar soňra Döwlet sirkinde guralan dabaraly çärä gatnaşdylar.