744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.02.2026
HNGU-nyň talyplary Özbegistanda ýokary netijeleri görkezdiler

24 - 29-njy ýanwar aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde halkara olimpiada geçirildi. Onda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.

Olimpiadada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 5 talyby matematika we himiýa dersleri boýunça ýokary netijeleri görkezdiler.

Hususan-da, matematika dersinden uniwersitetiň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kerimguly Bendow altyn medala we I derejeli diploma, şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Yslam Haýytmuhammedow bolsa kümüş medala we II derejeli diploma mynasyp boldy.

Himiýa dersinden geçirilen halkara bäsleşikde HNGU-nyň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Azim Bahtyýarow kümüş medala we II derejeli diploma, şol fakultetiň 4-nji ýyl talyby Abdyrahim Batyrow hem-de energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jemşit Talibžonow bürünç medala we III derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Türkmen talyplarynyň bu halkara olimpiadada gazanan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli bilim özgertmeleriniň ýene bir ajaýyp miwesidir.