Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji fewralda wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär.
Şeýle hem häkimler welaýatlaryň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hem ýurtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm, tekizlemek, Lebap welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda ýeterlik möçberde üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri görmek babatda hem tabşyryklar berildi.