Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine hem uly isleg bildirildi.
Hususan-da, daşarky bazarda Özbegistanyň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Nebit önümleri birža söwdalarynda içerki bazarda hem uly islege eýe boldy. Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny, “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Umumylykda, birža söwdalaşyklarynyň barşynda jemi bahasy 227 080 000,00 manada we 2 184 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.