744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
03.02.2026
Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda ýene bir döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­radyň mekany» diýen şygar bilen «Türkmennebit» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazeti Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenip geçilýän ýylynda goşa ganatymyz bolan Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň bedew bady bilen ösüp-özgerip, günbe-günden üstünliklere beslenip, dünýä giňişliginde şan-şöhratynyň barha ýokarlanýandygy hem-de hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ruhy baýlygyny has-da kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik iş­le­ri ha­kyn­da ýa­zy­lan iň go­wy maka­la­la­ryň, oçerk­le­riň, fo­to­re­por­taž­la­ryň, goşgularyň, hekaýalaryň bäsleşigini yglan edýär. Degişli bildiriş «Nebit-gaz» gazetiniň 3-nji fewraldaky sanynda çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler ýazanýazan işlerini «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli. Iberilen işlerde awtoryň öý salgysy, işleýän ýeri, wezipesi, telefon belgisi takyk görkezilmeli.

Döredijilik bäsleşigi 2026-njy ýylyň dowamynda geçirilip, onuň jemi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda jemleniler.

Bäsleşige gelen materiallar bäsleşigiň jemi jemlenýänçä «Nebit-gaz» gazetinde «Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­radyň mekany» atly şygar bilen yzygiderli çap ediler.

«Nebit-gaz» gazetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 58-nji jaý.

Tel.: (+993 12) 44-08-40. Faks: (+993 12) 44-19-13.

E-mail: nebit-gazgazeti@oilgas.gov.tm