744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.02.2026
TNGIZT-de geçen ýyl 1 million tonnadan gowrak benzin öndürildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň ýangyç guýujy beketleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde işleýär. Olary ýokary hilli benzin bilen üpjün edip durmak derwaýys wezipeleriň biridir. Şu maksat bilen konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem ýylyň-ýylyna öwgä mynasyp işler berjaý edilýär.

Geçen ýyl «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň agzybir işçi-hünärmenleri 1 million tonnadan gowrak dürli görnüşli ýokary hilli benzin öndürip, sarp edijilere iberdiler. Şeýle-de nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 4,5 million tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi we meýilnama bellenen möçberden 6,7 göterim artyk ýerine ýetirildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzyň günbatar sebitindäki bu nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärler topary ýylyň şygaryndan ruhlanyp, täze güýç bilen işleýärler we milli ykdysadyýetiň ösüşine, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine önjeýli goşant goşýarlar.