744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.02.2026
Birža söwdalarynda nebit önümlerine hem isleg bildirildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 4-nji fewralda geçirilen birža söwdalarynda nebit önümlerine hem isleg bildirildi.

Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda bolsa Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň we BAE-niň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Ukrainanyň işewürleri ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 472 500,00 manada we 1 245 850,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.