744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.02.2026
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň barşynda bu ýerde ýerleşýän Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewiň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda atçylyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

P.Baýramdurdyýew häzirki döwürde alnyp barylýan işler, talyplaryň amaly sapaklary tejribede özleşdirmekleri ugrunda döredilen şertler we mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça döwlet tarapyndan edilýän tagallalar barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegine 20 ýyl dolýar. Topara Türkmenistanyň medeni mirasyny we sirk sungatyny wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň hem-de Bütindünýä sirk federasiýasynyň şahadatnamalarynyň gowşurylmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynyň wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.

Gahryman Arkadagymyz toparyň halkara üstünlikleriniň türkmen halky üçin buýsançlydygyny belläp, onuň işini has-da kämilleşdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

B.Rejepow häzirki döwürde atçylyk boýunça dünýäniň dürli ýurtlary bilen halkara gatnaşyklaryň ýola goýlandygy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berdi. Şeýle hem ol halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda döwlet tarapyndan tagalla edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz atçylyk ugry boýunça şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylýandygyna, onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz atşynaslyk ýörelgeleriniň, at bilen ykbalyňy baglamagyň, bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly sungatdygyny, sungatyň bolsa müdimidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljek nesillere ýetirilmegi, onuň dowamata atarylmagy ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň kämil neslini döretmek ugrunda edilýän tagallalary beýan edýän çeper filmiň surata düşürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtap, bu babatda öz maslahatlaryny berdi.