4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň barşynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary bilen duşuşdy.
Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežinde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Merkeziň ýolbaşçysy öz aralaryna gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanýandygy we ýaşlara milli atşynaslyk däplerini ylmy esasda öwretmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
“At — myrat” okuw merkezi atşynaslyk bilen gyzyklanýan ýaşlary özünde jemleýär. Bu ýerde atçylyga höwes edýän çagalar çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim alýarlar.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri babatda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Merkeziň ýolbaşçysy milli we dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis, rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda geçilýän okuwlar barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barlyp, her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär.
Milli Liderimiz bu ýerde çagalaryň atçylyga degişli hünärleri saýlap almaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, olarda bedewlere söýgini artdyrmak maksady bilen, okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz ata höwesli ýaşlara niýetlenen sowgady gowşurdy we “Sylaglaryňyz gutly bolsun, nesip etsin!” diýip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçylarynyň we okuwçylaryň haýyşy boýunça olar bilen iki sany bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.