Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň barşynda bu ýerde ýerleşýän Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine hem baryp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.
Milli Liderimiz toparyň agzalary bilen mähirli salamlaşyp, olary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. Mälim bolşy ýaly, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bagtyýar halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.
Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini, çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we toparyň agzalarynyň şol halkara çärelere gatnaşyp, ýurdumyzyň tuguny belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi.
Duşuşykda toparyň agzalarynyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandyklary, olaryň at üstünde görkezýän oýunlarynyň dünýä halklaryny haýran galdyrýandygy, toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Baş baýraklara mynasyp bolandygy bellenildi. Milli atçylyk sungatyny ösdürmek babatda mundan beýläk-de uly işler durmuşa geçiriler.
“Türkmen milli atçylyk sungatynyň at-abraýyny belende galdyrmakda alyp barýan işleriňiz üçin hormatly Prezidentimiz sizi gutlap, öz minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, sizi 3 million manat bilen sylaglamak barada karara geldi” diýip, Gahryman Arkadagymyz degişli çözgüdi mälim etdi.
Milli Liderimiz: “Şa serpaýyňyz gutly bolsun! Nesip etsin!” diýip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna onuň agzalarynyň mynasyp bolan sylagyny hem-de toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurdy.
«Galkynyşyň» ýolbaşçysy milli atçylyk sungatyny dünýä ýaýmak we ony ösdürmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler, döwlet tarapyndan berilýän goldaw hem-de Şa serpaýy üçin toparyň agzalarynyň we ähli atşynaslaryň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri manežde Garaşsyz atly ajaýyp bedewe atlanyp, olaryň arasyna geldi. Toparyň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň daşynda jem bolup, bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Milli Liderimiz toparyň agzalaryna Garaşsyz atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde gowşurýandygyny aýtdy.