Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan etdi. Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň 5-nji fewraldaky sanynda çap edildi.
«Bedew bady: güýç hem gözellik» atly bäsleşige gatnaşmaga Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan awtorlar çagyrylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Onuň bu wezipedäki işleriniň maksatlarynyň biri-de dostlukly halklaryň arasynda medeni, taryhy, ynsanperwer we sport gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk bu wezipäniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bäsleşige telekompaniýalar hem-de islendik ýaşdaky garaşsyz awtorlar gatnaşyp bilerler. Filmler rus ýa-da iňlis dilindäki terjime ýazgylarynyň (subtitr) görkezilmegi bilen islendik dilde bolup biler.
Bäsleşige dowamlylygy 15 — 30 minut bolan, tohum atlaryň taryhyna, atyň GDA agza ýurtlaryň halklarynyň medeniýetindäki ornuna we atçylyk sportuna bagyşlanan işler kabul edilýär.
Bäsleşik we oňa gatnaşmagyň şertleri hem-de tertibi baradaky maglumatlar dolulygyna «Türkmenistan habarlar portalynyň» https://turkmenistaninfo.gov.tm resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-22-11, (+993 65) 71-59-18, (+993 65) 53-21-62.
Elektron salgysy: internationaltvtm@gmail.com