Häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämisiniň, 1 sany deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň gurluşygy dowam edýär. Şeýle-de ýakyn wagtda 2 sany Ro-Ro görnüşli parom gämilerini, 3 sany gury ýük gämilerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, deňiz ulag ulgamynda wajyp orunlaryň birini eýeleýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň gämilerini abatlamak hyzmatlary doly ýola goýlup, bu ugurda işler dowam etdirilýär. Işe girizilen gününden bäri, zawodda dürli maksatly gämileriň birnäçesinde abatlaýyş işleri geçirilip, sargytlar öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilip gelinýär.
Deňiz portuny, milli deňiz söwda flotuny, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny ösdürmek boýunça taslamalaryň mundan beýläk hem dowam etdirilmegi ýurdumyzyň kuwwatly deňiz ulaglarynyň ähmiýetiniň halkara bazarlarda has-da ýokarlanmagyna ýardam eder.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işi ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. Zawodyň umumy meýdany 166 müň inedördül metre barabar bolup, önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglere gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 sany gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Mundan başga-da, bu önümçilik desgasynyň ýylda 2 müň tonna polady işlemek arkaly 20-30 sany gämide abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçiligi bar.