744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.02.2026
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda hasabat ýygnagy geçirildi

14-nji fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onuň dowamynda 13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurdaky işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Bu ýerde degişli ýolbaşçylar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagyna dahylly düzümlerde geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2026-njy ýylda döwrebap derejede ösdürmek, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr.

Hasabat ýygnagynda şeýle-de ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmakda, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini toplumyň işinde giňden ulanmakda, gaz känlerinde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işleri güýçlendirmekde, sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde alnyp barlan işler hem-de 2026-njy ýylda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, onuň möhüm bölegi bolan "Arkadagyň ak ýoly" diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak hem-de beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Nebitgaz toplumynda ileri tutulýan ugurlar, täze ýataklary gözlemek we açmak, iri taslamalary durmuşa geçirmekde täze tehnologiýalary öwrenmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, toplumyň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek we beýleki wajyp wezipeler dogrusynda hasabat ýygnagynda aýratyn nygtaldy.

Wise-premýer Guwanç Agajanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda meýilleşdirilýän we durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudakda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işgärlerine zähmet üstünliklerini arzuw edip, anyk wezipeleri kesgitledi.