744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.02.2026
Türkmenistanda 2026-njy ýylda geçiriljek çäreler boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji fewralda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

Karar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ýurdumyzda meýilleşdirilýän möhüm halkara çäreleri, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.