744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.02.2026
Hormatly Prezidentimiz BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy fewralda ýurdumyza sapar bilen gelen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugäni kabul etdi.

Duşuşykda myhman Türkmenistanyň parahatçylyk, raýdaşlyk we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, BSGG hem-de BMG bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş diplomatiýasyny berkitmek boýunça yzygiderli tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny gowşurdy. Şeýle-de ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzy 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi hem-de bu ýylyň Arkalaşygyň giňişliginde “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere we gazanylýan netijelere Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Hans Klýugäniň Türkmenistana saparynyň dowamynda gatnaşjak «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly okuw maslahatynyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýola goýlan oňyn tejribeden ugur alyp, türkmen tarapynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.