744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.02.2026
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy

16-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy.

Milli Liderimiz ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar bilen ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden ABŞ-a ugrady.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Birnäçe ugurlary öz içine alýan netijeli gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda bu ýurduň dünýä belli kompaniýalarynyň birnäçesi ýurdumyzda oba hojalygy, senagat ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Iri amerikan kompaniýalary dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ABŞ-a sapary dowam edýär.