744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.02.2026
Geçen hepdäniň birža söwdalarynda nebit önümleri-de uly islege eýe boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Şolaryň hatarynda nebit önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikler hem bar.

Nebit önümlerine birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda-da uly isleg bildirildi.

Hususan-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin binýatlyk ýagy, polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy, nah ýüplügi, plastik tekjeleri satyn aldylar.