744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.03.2026
“Türkmennebit” döwlet konserniniň önümleri içerki bazarda satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 3-nji martda geçirilen söwdalaşyklarda nebit önümlerine isleg bildirildi.

Hususan-da, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny, “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar. Şeýle-de olar "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşigi bilen 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda bolsa Özbegistanyň işewürleri ýerli işewürler bilen gazbeton bloklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 31 650 000,00 manada we 360 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy